BAŞARJAŇ ÝAŞLAR BÄSLEŞDILER

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlaryň, beýik özgertmeleriň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrundaky belent maksatlar durýar. Buýsançly zamanamyzda bagtyýar ýaşlary okamaga, zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrmak maksady bilen dürli mazmunly çäreler geçirilýär. Çünki biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň dabaralanýan ýurdunda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň aglabasy bagtyýar türkmen ýaşlary üçin amala aşyrylýan beýik işlerden gözbaşlydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, guramamyzyň ýörite meýilnamasynda görkezilen döredijilik bäsleşikleri-de ýaşlaryň başarnyklaryny artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

     Ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar şu güni we nurana ertirleri ugrundaky aladalar oňyn netijeleri bilen watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyrýar. Ýaşlaryň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini, şeýle-de, olaryň medeni mirasymyzy, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge mynasyp nesiller bolup ýetişmegini gazanmakda ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Şeýle döredijilik bäsleşikleriň birini golaýda Darganata etrabynyň 4-nji orta mekdebinde hem geçirdik. Ýaşlaryň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirilmek maksady bilen orta mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» diýen at bilen geçirilen bäsleşikde ýaşlaryň milli sungatymyzyň we medeniýetimiziň inçeliklerini, kämil ýollaryny dowam etdirmek boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan okuwçylary TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

 

Çingiz SEITOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA