Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ýokary üstünliklere beslenip gelýär. Aslynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda 1995-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagta çenli ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenleri sylaglamak dabarasy ýokary derejede geçirildi. Olara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly eseriniň gowşurylmagy buýsandyryjy waka boldy. Aslynda ynsanperwerlik ýörelgelerine uýup, nesillere haýyr-sahawatly adamlar bolup ýetişmegi ündän pederlerimiz adamkärçiligiň belent nusgasyny bize miras galdyrypdyrlar. Bu asylly ýörelge biziň günlerimizde-de döwrebap dowam etdirilýär. Türkmençilikde mätäje goldaw bermek ýörelgä mynasyp baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň howandarlyga mätäç çagalar hakyndaky üns aladasy netijesinde häzirki wagtda şol çagajyklar medeniýetli dynç alyp, okap bilim alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Paýtagtymyzda açylyp, gurulyp ulanylmaga berilýän seýilgählerde, dynç alyş merkezlerinde, Awaza milli syýahatçylyk zolaklarynda medeniýetli dynç alýarlar. Olar sport toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanyp, ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Çünki saglyk bilen sport özara bagly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz howandarlyga mätäç çagalar bilen içgin gyzyklanyp olar bilen hal-ahwal soraşmagy çagalaryň özlerine bolan ynamyny artdyrýar. Häzirki wagtda islendik raýatyň, ýaş nesilleriň aýratynda goldawa mätäç çagajyklaryň saglygyny berkitmek, olaryň sport bilen meşgullanmaklaryny, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmaklaryny gazanmak maksady bilen beýik işler alnyp barylýar. Goý halkynyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.