KÄDI
Adamlar kädiniň dermanlyk häsiýetine ir döwürler düşünipdirler. Ata-babalarymyz bal bilen garylan kädi çigidini soguljanyň garşysyna ulanypdyrlar.
Kädi iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda bolsa, hasyl berýär. Kädi güýz we gyş pasyllarynda has-da peýdalydyr. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam süňňi üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar ýagny, karotin, folasin, B toparynyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witamini, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýlekileriň mukdary örän köpdür. Kädidäki askorbin turşusy dümewden saplanmakda, B toparlarynyň witaminleri ýadawlygy, gaharjaňlygy, ukusyzlygy aýyrmakda, A, E witaminleri ýygyrtlaryň öňüni almakda, T witamini agyr naharlary siňdirmekde, semizlige garşy göreşmekde kömek edýär. Onda karotin käşir bilen deňeşdirilende 5 esse, sygryň bagry bilen deňeşdirilende bolsa, 3 esse köpdür. Şol sebäpli, göz kesellerinde kädini iýmek maslahat berilýär.
Kädi bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde hem örän peýdalydyr. Ol çişi aýyrmakda hem kömek edýär. Buşukdyryjy serişde hökmünde, kädi suwundan günde ýarym bulgur içmek maslahat berilýär. Ony süňňüňde duz çalşygy bozulanda, horlanmak üçin, ateroskleroz, garyn-içege, sarygetirme kesellerinde-de ulanyp bolýar. Kädide demriň mukdary kän bolanlygy üçin ganazlykda ulanmak peýdalydyr.
Kädiniň çigidi hem peýdalydyr. Onuň düzüminde ýokary hilli iýmit ýagy bolup, onuň mukdary 32-52 göterime ýetýär. Ýewropanyň köp ýurtlarynda meselem, Awstriýada, Germaniýada, Rumyniýada kädi çigidiniň ýagyny dürli işdäaçarlary taýýarlamakda hem ulanýarlar. Ondan başga-da, kädiniň çigidinde sinkiň mukdary köp. Şol sebäpli, sink ýetmezçiligi bilen bagly bolan düwürtige, ýagty goňaga garşy kädi çigidini çigitlemek maslahat berilýär.
Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.