ELEKTRON POÇTANYŇ TARYHYNDAN

     Biz häzirki zamanyň ösen innowasion tehnologiýalarynyň möhüm serişdesi hasaplanýan elektron poçtanyň kömegi arkaly ýurdumyzyň dürli welaýatlary, şäherleri, şäherçeleri, hat-da dürli döwletler bilen özara hyzmatdaşlyk edip bilýäris. Bu hyzmatdaşlyk elektron hat üsti bilen amala aşyrylýar. Elektron hat üsti arkaly hyzmatdaşlyk etmegiň döreýşiniň gysgaça taryhy barada käbir gyzykly maglumatlary beýan etmek mümkin.

     Ýagny, internediň üsti bilen elektron haty ugratmagyň we kabul etmegiň programmasyny ilkinji bolup 1971-nji ýylda Raýmond Samuel Tomlinson düzüpdir. Onuň düzen programmasynyň kömegi bilen, şol bir wagtda göni aragatnaşygy saklap bolýar. Ýagny, dürli mazmundaky we möçberdäki hatlary ugradyp hem-de kabul edip bolýar. Alymyň döreden programmasynda diňe hatlar arkaly aragatnaşyk saklap bolýar. Şol sebäpden, onuň döreden programmasyna elektron poçta diýip at beripdirler. Amerikan alymynyň döreden programmasy emeli hemralaryň kömegi bilen işleýär. Şonuň üçin, biz hatlary dürli uzaklykdaky ýerlere ugradyp bilýäris. Elektron poçtanyň kömegi bilen, adamlaryň birnäçesiniň işi örän ýeňilleşdi. Emma birnäçesine bolsa, käbir zyýan hem ýetdi. Ýagny, birnäçe adamlaryň şahsy gizlin syrlary aýan boldy, olaryň kompýuterlerine wirus düşdi, dostlary bilen sözleri azaşdy. Bular bolsa, elektron poçtanyň käbir oňaýsyz taraplarynyň anyk mysallarydyr. Elektron poçtanyň ulanyjylara ýetirýän zyýanlaryndan gaça durmak üçin internetde bolmagyň we elektron poçtada aragatnaşyk etmegiň hem öz medeniýeti bar. Elektron poçtada aragatnaşyk etmek üçin şol medeniýeti biziň her birimiziň bilmegimiz we gyşarnyksyz berjaý etmegimiz zerurdyr.

 

Serwi AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

DERDE DERMAN

Indiki makala

ENE SÖZI – KERAMAT

Meňzeş habarlar

29 Iýun 2024 | 85 okalan

BUÝSANÇNAMA

29 Iýun 2024 | 96 okalan

ÝAŞLAR SYÝASATY ROWAÇLANÝAR