Maşgalanyň mukaddesligi, ilkinji nobatda, enäniň söýgüsinde, onuň mylaýym owaz gatyşykly, belentden-belent ýaňlanýan hüwdi setirlerinde ýüze çykýar. Şonuň üçin bolsa gerek, maşgala barada gürrüň edilende, ene söýgüsiniň aýdyň beýanyna öwrülen hüwdüler kalbyňda biygtyýar ýaňlanýar.
Her bir zadyň, hat-da seredeniňde, aňyrsyna-bärsine göz ýetirip bolmaýan ummanlaryň hem serhedi bolýar. Emma ynsanyň ýüreginde özüniň mukaddesligi bilen aýratyn orun eýeleýän, hiç bir zat bilen öwezini dolduryp bolmajak ene söýgüsiniň çägi bolmaýar. Dünýädäki iň keramatly sözler ene sözünden gözbaş alýar. Çünki çuň manyly bu mukaddes sözüň mähir-muhabbeti, jadylaýjy güýji bar. Ene diýilýän bu mukaddes zenan her bir maşgalanyň mizemez sütünidir. Şonuň üçin mährem enelerimiziň waspyny etmedik şahyr ýok bolsa gerek. Gözelligi dünýä nusga enelerimiziň çäksiz söýgüsini geçen asyryň beýik şahyry Berdinazar Hudaýnazarow özüniň «Ene we ogul» atly şygrynda şeýle belleýär:
-Eje! – diýenimde, diýerdi “jana!”
Nan salyp, okuwçy, mata bukjama,
Meni ýatymlyga ugradýan dek ol
Diýerdi “sag git-de, sag-amanja gel!”
- diýen ajaýyp setirleri bilen, örän ýerlikli beýan edýär.
Hakykatdan-da, enelerimiziň bar ýerinde öýümiz öý şekilli, ýazymyz bolsa, ýaz şekilli bolýar. Eneler gyzgyn mähirleri bilen, dünýä inderen perzentleriniň ugrunda kökenek bolýarlar. Şonuň üçin her bir ynsan ýaşyna garamazdan, özüniň mährem käbesiniň öňünde elmydama çaga bolup görünýär. Enäniň öz perzentleri üçin ukusyz geçiren gijeleri, arzuw-umytlary her bir ynsany ak ertirlere, ýagty geljege atarýar.
Selbi ABDYRAHMANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Ruhubelent etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.