TÜRKMEN ÝAŞLARY YLMY IŞLERINI HÖDÜRLEÝÄRLER

     Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşik dowam edýär.

     Alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyzda ylmyň ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sany barha artýar. Bäsleşik jemi 6 ugry öz içine alýar.

     Bäsleşigiň ilkinji gününde “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika” ugry boýunça ýaşlaryň taýýarlan ylmy işlerine garaldy.

     Şu gün bolsa, “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika” ugry boýunça ylmy işlere serediler.

     Ýaşlaryň taýýarlan ylmy işleri ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professorlaryndan hem-de akademiklerinden düzülen topar tarapyndan seredilýär we baha berilýär.

 

atavatan-turkmenistan.com

Meňzeş habarlar