Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkitmek barada edýän taryhy çykyşlary bütin dünýäde goldaw tapýar. Çünki döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary özüniň köptaraplylygy bilen tapawutlanýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylda geçirýän mejlislerinde türkmen wekiliýeti tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döredýär.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçirýän mejlislerinde yzygiderli teklipler bilen çykyş edýär. Şol teklipleriň saldamly bölegi dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkitmeklige gönükdirilendir. Häzirki wagtda köpçülikleýin heläkçilige getirýän ýaraglaryň ýaýramagy, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly global meseleler yzygiderli artýar. Şol nukdaýnazardan hem, howpsuzlyk diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem ähli döwletler üçinem wajyp mesele diýlip aýdylmagy diýseň ýerliklidir. Bu babatda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň öndürilmegine we ýaýradylmagyna garşy dünýä giňişliginde köptaraplaýyn göreş alyp barmaga BMG-niň ähli agza döwletleriniň işjeň gatnaşmalydyklaryna möhüm başlangyçlarda aýratyn ähmiýet berilýär. Hakykatdan-da, bu meseleleri çözmekde döwletleriň we yklymlaryň kem-kemden ýakynlaşmagy, olaryň tagallalarynyň birikmegi möhümdir. Häzirki wagtda parahatçylyk we ählumumy howpsuzlyk meseleleri iň bir ara alnyp maslahatlaşylýan köp sanly pikir ýöretmeleriň esasyny düzýär.
Bitarap Türkmenistanyň, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak baradaky tagallalary diňe bir möhüm başlangyç bolman, eýsem anyk işleriň mysalynda durmuşa ornaşýar. Türkmenistanyň ykdysady kuwwadynyň has hem belent sepgitlere ýetendigine, dünýäniň ösen döwletleriniň sanawyna girendigine göz ýetirmek bolýar. Ýene-de, ýurduň islendik künjegine, obadyr şäherine nazar salsaň, şol ýerde abadançylygyň, asudalygyň we parahatçylygyň höküm sürýändigini hem duýmak bolýar. Şundan soňra bolsa, Türkmenistanyň “Ösüş – parahatçylygyň üsti bilen” diýip, öňe sürýän başlangyçlarynyň goldanylmagynyň hem-de ösüş bilen parahatçylyk adalgasynyň biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini aýratyn bellemelidiris.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ähli halklaryň we döwletleriň bähbitlerine laýyk gelýän, ýurdumyzyň ilatyny umumy maksatlara birleşdirýän başlangyçlary bu günki gün dünýä ýüzünde dabaralanýar. Şeýle şanly wakalar bolsa, türkmen taryhynyň altyn sahypalaryna öçmejek harplar bilen ýazylyp, her bir türkmenistanlynyň, galyberse-de, daşary ýurt raýatlarynyň hem buýsanjyny goşalandyrýar.
Halkymyzy bagtyýar geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň dünýäde ykrar edilen ýurdumyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän asylly işlerinde rowaçlyklar hemra bolsun!
Kyzlargül AKJAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.