MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA

        «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekip, Watanymyzyň ykdysady galkynyşa özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna mynasyp ses goşmakda bagtyýar türkmen ýaşlarynyň aýratyn paýy bardyr. Hut şu jähetden ugur alyp, ýaňy-ýakynda Saýat etrap häkimligi, etrap medeniýet bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdik. Çagalar sungat mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary, folklor eserleri baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy. Täsirli çäräniň dowamynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýurdumyzda we halkara derejesinde bellenilmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda ildeşlerimiziň buýsançly çykyşlaryna giň orun berildi. Akyldar şahyrymyzyň watançylyga, öwüt-ündewe, merdi-merdanalyga, ynsanperwerlige, halallyga, ýokary ahlaklylyga ýugrulan paýhasly goşgularynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin ähmiýetli gollanma öwrülendigi, ýüreklerde baky orun alandygy nygtaldy. Şeýle hem şahyryň goşgularynyň ençemesi aýdym edilip aýdyldy. Akyldar şahyrymyzyň adyna bagyşlanyp aýdylan aýdymlar, goşgular ýerine ýetirilen çykyşlar, dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

        Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdan nyşandyr. Bizi şeýle bagtyýarlyga ýetiren, döwletli döwrana eýe eden hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA