AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, berk bedenli bolmagyny gazanmak, zehinli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, sportuň agyr atletika görnüşi boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirdi. Etrabyň 7-nji sport mekdebinde geçirilen bu ýaryşa 2008-nji ýylda doglan oglanlar hem-de gyzlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ökde türgenler has tapawutlandylar.

      Netije-de, oglan türgenlerden Şahruh Mätjanow, Kerim Nurmämedow, Alibek Ismaýilew, Husinbaý Reýimbaýew, Alijan Atajanow, Şahim Hudaýbergenow, Egembergen Mahmudjanow, Babur Allabergenow, Babur Şermetow, Şahim Reýimkulyýew, gyz türgenlerden Ýaňiljan Madraýimowa, Munisa Satymbaýewa, Züleýha Ýusupbaýewa, Kümüş Baýjanowa, Dinara Kurambaýewa dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler hem-de olar bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Şamyrat NAZAROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar