PAÝHASLAR DÜWÜNÇEGINDEN

1. Ýyllaryň täsir edip bilmejek gözelligi bar — bu ýürek gözelligi.

2. Ýürekde ýagtylygy we şatlygy döredip bilýän adamlary goramak gerek.

3. Durmuşyň lezzeti –ömrüňi manyly geçirmekdedir.

4. Ähli gowulyklary ýüregiňize ýazyň, erbetlikleri — suwa.

5. Adam bezegi — paýhas, paýhas bezegi —rahatlyk, rahatlygyň bezegi — batyrlyk, batyrlygyň bezegi — ýumşaklykdyr.

6. Gahara gahar bilen jogap bermedik iki tarapy hem halas eder.

7. Bagtsyzlary bagtly etmekden uly bagt bolup bilmez.

8. Çagalyk –pyntyk, ýetginjeklik –gunça, ýigitlik –bir gyzyl güldür.

9. Ýagşynyň köňlünde kine az bolar.

10. Hakykat hemişe ýakymly bolmaýar, emma ýakymly sözlerem hemişe hakykat däldir.

 

Toplan: Züleýha HALMÄMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR