TÜRKMENIŇ BUÝSANJY BEDEW

       Eziz Diýarymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem şöhraty äleme dolan behişdi bedewlerimiziň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler biri-birine utgaşýar. Golaýda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Halkara atçylyk sport toplumynda hem baýramçylyk çäresi geçirilip, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler bu dabaranyň iň arzyly myhmanlary boldular. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan şadyýan çagalar hem çäräniň bezegi boldy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň türkmen bedewleriniň waspyny edýän aýdym-sazly çykyşlary, edebi-sazly kompozisiýalary toý dabarasyna gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi, bedewiň halkymyzyň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.

       Behişdi bedewleriň şanyna guralýan toýlar belentden belent ýaňlanýar. Gözel Diýarymyzda ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Orazgül AMANDURDYÝEWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet

konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR