ÝAŞ TALYBYMYZYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzda günsaýyn ýaşlar syýasatynyň ata-babalarmyzyň asylly ýörelgelerine hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilýänligi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolanlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: “Türkmen ýaşlarynyň giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegi alnyp barylýan işleriň esasy maksady bolup durýar” diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda we pudaklaýyn ähli ugurlarynda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekmeginiň ileri tutulýan işleriň hatarynda durýandygyny bellemek bolar.

     Türkmen ýaşlarynyň sanly ulgam bilen üpjün edilen bilim edaralarynda okamagyny, zähmet çekmegini hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňünde tutulan mümkinçilikleri we şertleri ýokarlandyrmak ýaş nesiller babatda halk bähbitli işleriň özenini düzýän aýratynlykdyr. Bu ýurduň her bir ýaş raýatynyň umumy bähbitli başlangyçlara, jemgyýetiň ösüş depginine goşant goşmaga höweslenmeginde hem-de özünde belent hyjuwy kemala getirmegi üçin hökmanydyr.

     “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň guramagynda  Iňlis dili dersi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda  III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň “Dizaýn” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Leýli Saparowa mugallymy Arzygül Atdaýewanyň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. Bu halkara derejesindäki olimpiadasyna dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli talyplar işjeň gatnaşdylar. Şeýle göreldeli talyplaryň arasynda biziň ýaş talybymyz Leýli Saparowa hem öz deň – duşlary bilen  bäsleşip III orna mynasyp bolmagy başardy we dabaraly ýagdaýda diplom bilen sylaglandy.

 

Oguljahan MUHAMMETMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY