ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI, PYRAGY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, döredijilik duşuşygyny geçirdi. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

     Duşuşykda çykyş edenler türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy ornuň Magtymguly Pyraga degişlidigi, parasatly şahyryň türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip, durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydygy, Pyragynyň sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdygy, şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlarynyň, çuň manyly öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýändigi barada buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar öz goşgularyny okap berdiler.

     Duşuşyga gatnaşanlar dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar