DÖWLETMYRAT ORAZBERDIÝEW AŞGABATDA GEÇIRILEN HOKKEÝ BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞYŇ IŇ GOWY TESWIRLEÝJISI BOLDY

     Ozal habar berşimiz ýaly, 15 — 20-nji aprelde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Halkara ýaryşyň jemleri boýunça iň gowy teswirleýjä ýörite baýrak gowşuryldy. Bu baýraga «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi Döwletmyrat Orazberdiýew mynasyp boldy.

     Mikrofonyň öňüne ilkinji gezek 2013-nji ýylda — Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çägindäki «Altyn Asyr» — «Ahal» duşuşygynda geçen Döwletmyrat indi 10 ýyldan bäri bu teleýaýlymyň esasy teswirleýjileriniň biridir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

 

22.04.2024 ý.

türkmenportal.com