Işine gümra bolup oturan kakasynyň nazary birdenkä kompýuteriň başynda käýinjiräp oturan ogluna düşüpdir. Körpe ogul nämedir bir zada gaharlanyp, «Näme üçin meňki bolanok-ka?» diýip, çyny bilen güýmenjesine çümen ekeni. Kakasy oglunyň ýanyna barypdyr: «Seni biynjalyk edýän zat näme? Haýsy zat bolman dur?» diýip sorapdyr. Oglanjyk kompýuterdäki oýnuny görkezip: «Men häliden bäri kompýuterde futbol oýnap otyryn. Ýöne, her näçe çytraşsam-da, ine, şu topary utup bilemok. Oýnuň sazlamalaryna girip, şol toparyň oýunçylarynyň güýjüni peseltsem, belki, maksadyma ýeterin» diýip, ogly kakasynyň ýüzüne bakypdyr. «Utulýan bolsaň ýa-ha olar senden ökdedir, ýa-da sen heniz nähili oýnamalydygyny doly öwrenen dälsiň, özleşdiren dälsiň. Sen öz ýeňlişiňi boýun alasyň gelenokmy?» diýip, kakasy sözüni dowam edipdir – ýöne her gezek utulanyňda hyrçyňy dişläp durmaly däl. Darykdygyňça, pikirleniş ukybyň hem daralar. Hemmelerden nämedir bir zat öwrenip bolýar. Utmak üçin bolsa, mekirlige ýüz urmak gowy däl ahyry. Şu wagt kompýuter oýnunda şeýtseň, durmuşda hem hemme zady şeýdip düzedip bolar öýdüp pikir edersiň» diýipdir. «Men bu ýerde hiç hili hilä ýüz urmadym, onsoňam bu bir ýöne oýun ahyry, men diňe olaryň güýjüni peseltsem ýeterlik, şonda utup bilerin. Eger-de sazlamalarda şeýle mümkinçilik bar bolsa, ony ulanmaga hem ygtyýarymyz barlygy» diýip, ogly hem öz raýyndan gaýtmandyr. «Eger-de sazlamalaryna girip, oýunçylaryň güýjüni peseldip, artdyryp bolýan bolsa, gel, bu işe başgaça çemeleşeli. Biz öz güýjümizi, akylymyzy, yhlasymyzy garşydaş toparyň güýjüni peseltmäge däl-de, öz toparymyzyň ukyp-başarnygyny, güýç-gaýratyny artdyrmaga gönükdireli. Üstesine-de, oýnuň käbir inçe tilsimlerini hem öwreneli. Şeýtsek, biz bu oýny halal utdugymyz bolar» diýip, kakasy ogluna bu meselä başga burçdan bakmagy öwredipdir. Ogly kakasynyň bu sözlerini eşidip, begenjine makullamak bilen baş atypdyr. Kakasy ýylgyrypdyr-da: «Biz käteler nämedir bir zatdan asgyn gelip, aljyran halatymyzda, kelebiň ujuny ýitirip, ters tarapyndan barmaga endik etmeli däldiris. Has uly utuş gazanmak üçin energiýamyzy bäsdeşimiziň güýjüni peseltmäge däl-de, öz güýjümizi artdyrmaga sarp etmelidiris» diýipdir.
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.