Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Tejen etrap bölüminiň bilelikde guramagynda, şol etrabyň 30-njy orta mekdebinde okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda okuwçy gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda zenanlar barada edilýän aladalar, döredip berilýän mümkinçilikler, olaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny dogrusynda, şeýle-de maşgala gymmatlyklary, ahlak terbiýesi, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, tertip-düzgüni berjaý etmek barada täsirli gürrüňler edip, öwüt-ündewler berildi.
Çykyşlaryň her birinde zenanlarymyza goýýan uly hormat-sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.