BEDEW ATYM – GANATYM

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bedew atym – ganatym» şygary astynda sergi gurady. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilmeli çäreleriň çäklerinde geçirilen bu sergi türkmen bedewiniň milli baýramyny ýaşlaryň arasynda dabaralandyrmak maksady bilen guraldy. Oňa welaýatdaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýaşlar bu ýerdäki türkmen bedewini wasp edýän, ussatlyk bilen çekilen we ýasalan suratlar, heýkeller hem-de atyň esbaplary bilen tanyşdylar. Serginiň çäklerinde muzeýiň ýörite wekili ýaşlara türkmen bedewiniň ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýolundaky aýratyn ähmiýeti, tutýan wajyp orny barada giňişleýin we täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle-de, ýaşlar bu ýerde özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

 

 

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar