BAŞARJAŇ ÝAŞLAR BÄSLEŞDILER

     Ýaşlary döredijilige höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak we artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Lebap welaýat Baş Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde yglan edilen «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» atly geçirilen döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa Saýat etrabynyň orta mekdeplerinde bilim alýan gyzlar gatnaşyp, milli sungatymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirmek, milli nusgadaky el işlerini ýerine ýetirmek, amaly-haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde bagtyýar ýaşlaryň bäsleşige hödürlän sungat eserlerinde türkmen halkynyň baý geçmiş mirasynyň görnüşleri, olary ýerine ýetirmegiň syrlary öz beýanyny tapyp, medeni gymmatlyklarymyzyň durmuşymyzdaky ähmiýeti şöhlelendirildi. Bäsleşige hödürlenen işler emin agzalary tarapyndan mynasyp bahalandyryldy. Okuwçy gyzlaryň hödürlän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimizde, bagtyýar döwrümizde ýurdumyzyň ösüşi, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz çeper suratlandyryldy.

     Bäsleşigiň netijeleri boýunça küýzegärlik ugry boýunça Saýat etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ajaýyp Garýagdyýewanyň işleri iň ýokary baha mynasyp bolup, birinji orny eýeledi. Bäsleşigiň milli el işleri ugry boýunça Saýat etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Merjen Atajanowa, Saýat etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bossan Serdarowa, Saýat etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülöwser Zakirjanowa, Saýat etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň okuwçysy Gülnur Gurbanmyradowa, Saýat etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň okuwçysy Albina Ökdemjanowa dagylar ýeňijiler diýlip yglan edilip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiş gazanan we üstünlikli çykyş eden gyzlara TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA