Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlik gazanan türgenleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda adam we onuň bagtyýar durmuşy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilen. Şoňa laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda beden we sport maşklaryny ýerine ýetirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek möhüm wezipe hökmünde orta çykýar. Asyl käri lukman bolan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirdi. Berkarar Watanymyzda dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebap sport desgalarynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň sport abraýyny juda gysga döwürde belent derejelere ýetirdi. Türkmenistan iri halkara sport çäreleriniň geçirilýän mesgenine öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, sebitleýin halkara sport bäsleşikleriniň, şeýle hem «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Ata göreldesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu işler täzeçe we giň gerimde dowam etdirilip, halkymyzyň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmakda sport hereketlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherimizde bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirlikleri döredildi, köpugurly sport toplumlary, merkezleri we mekdepleri, stadionlar, aýlawlar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Jemgyýetçilik binalarynyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde sport meýdançalary döredildi. Türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi. Olaryň ählisiniň halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, sportyň belent sepgitlere ýetendiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Netijede häzirki wagtda türkmen sport ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň abraýyna abraý goşýan netijeli üstünlikleri gazanýarlar. Muny hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň gazanan üstünlikleri aýdyňlygy bilen görkezdi.
Söhbetdeşligiň barşynda hem şular dogrusynda, şeýle hem döwletimiziň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýändigi, bu işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde häzirki wagtda onlarça döwletler we iri halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň saklanylyp, munuň özi ýurdumyzyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisidigi dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler.
Ýaş nesilleriň ussat türgenler bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä tanatmaklary ugrunda döredýän amatly we ýokary şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.