BEHIŞDI BEDEWLERIŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DABARA

      Ýakynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Tejen, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşleriniň, etraplaryň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölümleriniň bilelikde guramalarynda Sarahs etrabynyň Täze guýy ýaýlasynda joşguna beslenen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

      Köp sanly bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan dabarada ahalteke atlarynyň şanyna göwünleri joşduryjy aýdym-sazlar ýaňlandy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren şirin owazlary özboluşly gözellikleri özünde jemleýän tebigatyň bu täsin künjegini alaýaza öwürdi. Ähliniň toý şatlygyna şatlyk goşan aýdym-sazly çykyşlar astynda ol ýerde guralan baý öwüşginli sergilere aýlanyp görmek has-da ýakymly we täsirli boldy.

      Dabara gatnaşanlar ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has belende götermekde, ony dünýä ýaýmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA