GÖZELLIGIŇ KÄMIL NUSGASY

      Taryhyň subut edişi ýaly, ahalteke atlary öz gözelligi, akyllylygy bilen dünýäni özüne maýyl edip gelipdir. Şahyrlar şygyrlarynda, aýdymçy-sazandalar aýdymdyr sazlarynda bedewlerimiziň waspyny ýetiripdirler. Munuň şeýledigini «Atçapar», «Göroglynyň at oýnadyşy» ýaly birnäçe türkmen halk sazlary, nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýen goşgusy hem aýdyň tassyklaýar.

      Türkmen zenanlary haly önümlerinden atlara degişli eýerlikleri dokap, bu asylly jandara söýgüsini siňdiripdirler. Gyş günleri atlary sowukdan goramak üçin saýlama ýüňlerden at keçeleri taýýarlap, olaryň ýüzüni elde edilen dürli keşdeler bilen bezäpdirler. At keçeler diňe bir gyşda atlar üşemez ýaly ulanylman, eýsem çapuwdan soň derläp, endamyny şemal kakmaz ýaly örtülipdir.

      Türkmen seýisleri atlaryny ýörite ýerkümelerde, ýerdölelerde, şeýle hem üstüne gamyş ýapylyp, palçyk bilen berk suwalan jaýlarda saklapdyrlar. Bedewler ter ýorunja, arpa, ýumurtga, gant we ýene-de birnäçe peýdaly önümler bilen iýmitlendirilipdir. Bedewler altyn-kümüş şaýlary bilen bezelip, toýlaryň görküne görk goşupdyrlar. Türkmen zergärleri bedewlere bagyşlap alagaýyşly bezeg şaý toplumyny döredipdirler. Şaýlaryň ýüzleri gymmat baha daşlar bilen bezelipdir. Hakyk daşy gözden, dilden gorasa, pöwrize daşy atlary büdremekden goraýar diýen düşünjä eýeripdirler. Gaty toprak atyň toýnagyny jaýyrmaz ýaly, demirçi ussalar oňa altyndan nal kakypdyrlar.

      Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Biz özümize we öz güýjümize berk ynanýarys, bu ynam öz köklerini türkmen topragynyň berekedinden we sahylygyndan, dünýäni aňk ediji hadysany – adam bilen atyň jana-jan dostlugyny döretmegiň hötdesinden gelen pederlerimiziň pähim-parasadyndan alyp gaýdýar» diýip, örän jaýdar belleýär.

      Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine eýerip, türkmen halkyny bedew bady bilen bagtyýar geljege alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI