MEDENI MIRAS – HALKYMYZYŇ EBEDI GYMMATLYGY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Esenguly etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamaklarynda Esenguly etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Medeni miras – halkymyzyň ebedi gymmatlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda çykyş edenler ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda alnyp barylýan işler dogrusynda giňden wagyz edildi. Şeýle-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni, ruhy gymmatlyklarynyň, milli mirasynyň, taryhy ýadygärlikleriniň, asylly däp-dessurlarynyň, ajaýyp edim-gylymlarynyň düýpli öwrenilip, ýaş nesillerimiziň durmuşyna, aňyna ornaşdyrylýandygy dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkymyzyň asyrlar boýy döreden şeýle milli gymmatlyklaryny öwrenmek, kämilleşdirip dowam etdirmek, gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimize belent sarpa goýýan, medeni mirasymyzy has içgin öwrenmek ugrunda taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar