DOSTLUK

     Bergä batan adamlaryň biri gurply ýaşaýan dostunyň gapysyny kakypdyr. «Pylan kişä şunça mukdarda bergim bar. Üzlüşmäge kömek etmeseň, teý ýagdaýym ýok» diýipdir. Dosty öýüne giripdir we diýlen mukdardaky puly ýoldaşyna uzadypdyr. Muny yzyna gaýtarmagyň hökman däldigini, öz çagalarynyň aladasy bilen bolmagyny hem ýaňzydypdyr. Dosty hoşallyk bildirip, yzyna dolanypdyr. Barjamly adam öýüne giripdir we uly sesi bilen möňňürip, aglamaga başlapdyr. Aýaly adamsyny köşeşdirmäge çalşypdyr: «Bereniňe gynanýan bolsaň, ýagdaýym ýok diýäýmeli ekeniň ýa-da bolanjasy şu diýip, azrak beräýmeli ekeniň, näme üçin uly sesiň bilen aglaýaň?» diýipdir. Ol adam: «Dostuma beren puluma birjik-de gynanamok, ýöne şu günlere düşmezinden öň näme üçin onuň halyndan habar almandygyma ökünýärin. Şonuň üçin aglaýaryn» diýipdir.

 

Terjime eden: Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

ENE ÝÜREGI

Indiki makala

MYHMANPARAZLYK

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR