Golaýda şeýle baýramçylyk şygary astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, şol mekdebiň okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň çeken suratlarynda onuň şertlerine görä, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, bedew atlaryň çeper keşbi öz beýanyny tapdy.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Begenç Akynow, 4-nji synp okuwçysy Näzik Kakaýewa dagylar 1-nji orna, 3-nji synp okuwçysy Oguldursun Toýlyýewa, 4-nji synp okuwçysy Haldurdy Geldiýew dagylar 2-nji orna, 4-nji synp okuwçylar Atajan Baýarow, Abdyresul Altyýew dagylar 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle-de, oňa işjeň gatnaşan okuwçylara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.
Nurjemal SAPAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.