SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN JEMGYÝET

     Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Köýtendag etrap bölümi bilen bilelikde Köýtendag etrap medeniýet bölüminde «Sagdyn maşgala—sagdyn jemgyýet» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdymyzda täze taryhy döwrümize mahsus beýik işleriň, alnyp barylýandygy, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigi dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Beýik ösüşlere eýe bolunýan döwürde döwletiň mizemez sütünleriniň aýawly saklanmagynyň, halkyň asuda durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýaş nesilleriň kämil ruhda terbiýelenmeginiň esasy şert bolup durýandygy nygtaldy.

     Maslahatda ildeşlerimiziň eden buýsançly çykyşlarynda hem bellenilişi ýaly, halkymyzyň döwürleriň dowamynda mizemez häsiýet berip, kämilleşdirip gelen milli hem gymmatly ýörelgelerinden ugur alyp, ösen durmuş gurşawyny emele getirmek, sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň ýurdunda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, pederlerimizden dowam edip gelýän halallyk ýörelgelerimize eýermek, medeniýetli ýaşamagy endik edinmek, ahlak kadalaryny pugta berjaý etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Lukmanlar öz gezeginde sagdyn duruş ýörelgelerine eýermegiň ähmiýetine aýratyn üns çekdiler we bu ugurda öz maslahatlaryny ildeşlerimize ýetirdiler. Olar agzybir maşgaladan düzülen jemgyýetiň sagdyn jemgyýetdigini, sagdyn jemgyýetiň bolsa, döwletiň gülläp ösmeginiň iň esasy şertidigini nygtadylar. Şeýle täsirli çykyşlara beslenen maslahatda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň baky bagtyýarlygy, döwlet berkararlygymyzyň pugtalandyrylmagy, maşgala abadançylygynyň berkidilmegi, jemgyýetimizde sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Göwher MÖWLÝAMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2024 | 54 okalan

KÖŇÜLLERIŇ ŞAMÇYRAGY

24 Iýun 2024 | 36 okalan

BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ ARASYNDA

21 Iýun 2024 | 104 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI