Döwletimiz bazar ykdysady şertlerine geçmek baradaky döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Şeýle asylly başlangyçlaryň çygrynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda hem ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ornuň degişli boljakdygyny buýsanç bilen belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem ýaşlar syýasatyny ösdürmek boýunça möhüm wezipelere giň orun berilýär. Ýaşlary telekeçilige giňden çekmek we goldamak babatda hem döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Şunlukda, ýaş telekeçileriň mynasyp nesli kemala gelýär.
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýardam bermek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly özboluşly wezipelere mynasyp orun berilmegi döwletimiziň ýaşlara bolan ynamynyň belentdigini aýdyň görkezýär. Belent maksatly ýaşlar zehiniň sarpalanýan, zähmetiň sylaglanýan döwletinde özleriniň mynasyp zähmeti bilen, uly üstünlikleri gazanýarlar.
Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, hususy pudagyň orny barha artyp, beýleki pudaklar bilen bir hatarda döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen düzüm kemala gelýär. Hususy ulgamy ösdürmek we bazar ykdysady şertlere geçmek barada öňde durýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň barşynda, zerur bolan öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar. Şeýle ösüşli, özgerişli pudagyň ösdürilmeginde ýaşlaryň mynasyp orny bardyr. Çünki bu pudakda zähmet çekýän adamlaryň aglabasynyň ýaşlardygy has-da buýsandyrýar.
Ýaşlar Watanymyzyň okgunly ösmegi üçin özleriniň ukyp-başarnygy, döredijiligi we watançylyk, zähmet söýgüsi bilen, mynasyp goşant goşýarlar. Munuň özi, geljegiň berk binýadyny ýaşlarda görýän döwletimiz üçin belent maksatdyr.
Gözel KUŞMEKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.