WELOŞOSSE BOÝUNÇA BIRINJILIK GEÇIRILDI

      Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasyndaky sport mekdebinde welosiped sportunyň weloşosse görnüşi boýunça geçirilen welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi hem-de welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilelikde gurady.

      Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil, sagdyn bedenli adamlar bolup ýetişmegini gazanmak ugrundaky tagallalaryndan ugur alnan ýaryş welosiped sporty boýunça ussatlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ýaryşda ýaş türgenler ýekelikde 15 kilometr aralygy, şeýle-de toplumlaýyn 50 kilometr aralygy geçmekde özara güýç synanyşdylar. Netijede ýekelikde 15 kilometr aralykda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgeni Orazmuhammet Nurýagdyýew 26,28 minut wagt görkeziji bilen birinji orna, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň türgeni Gadyr Sähetdurdyýew 26,43 minut wagt görkeziji bilen ikinji orna, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgeni Hekimmyrat Baýrammyradow 26,58 minut wagt görkeziji bilen üçünji orna mynasyp boldy. Toplumlaýyn 50 kilometr aralykdaky ýaryşda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgenleri Kakamyrat Penamyradow birinji, Täçdurdy Gurbangeldiýew ikinji, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň türgeni Gadyr Sähetdurdyýew baýrakly üçünji orunlary eýeledi. Ýeňijiler ýaryşy guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

 

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA