HÜWDÜLER – HALK DÖREDIJILIGINIŇ GÖNEZLIGIDIR

      Köküni asyrlaryň jümmişinden alyp gaýdyp, dilden-dile geçip, akyl eleginde elenip, syntgylanyp, biziň günlerimize gelip ýeten halk döredijligi, türkmen sungatynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dikeldilip, täze öwüşgin bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dillerimiziň senasyna öwrüldi. Medeni mirasymyzyň ajaýyp dürdäneleriniň biri hem hüwdülerdir.

      Ynsan balasynyň bu owadan dünýä gelip, ilkinji maýyl bolýan näzik owazy mylaýym ene hüwdüsidir. Rysgal-döwletli ak öýleriň töründe ala bagly sallançak üwrelip, eneleriň ajaýyp hüwdüleri zemine dolýar. Ol hüwdülerde ajaýyp zamanamyzyň waspy ýetirilip, çagalaryň bagtly geljegi hakyndaky arzuw-umytlar bilen sazlaşýar. Halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri ýaly, zenanlaryň şahyrana döredijiliginden gözbaş alýan, enelerimiziň mähir-muhabbetinden, perzendine bolan ýürek söýgüsinden dörän, zemin gözelligini özünde jemleýän ajaýyp hüwdüler hem taryhy döwürleriň ýüze çykaran syýasy, medeni şertleri esasynda döredilipdir we taplanypdyr. Umumadamzat durmuşynda esasy orun tutýan, zenan kalbynyň inçe duýgularyny yzarlap, perzende bolan çäksiz söýgüsine ýugrulan hüwdülerde adamzat bu dünýäniň çetinden girip, tä zemin barlygyndan bakyýete gidýänçä, ömür dowamaty bilen bagly durmuş ahwalatlary taryplanypdyr, taplanypdyr. Her bir ynsanyň ýaşaýyş gönezligi, ruhy baýlygy bolan ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwyndan kemal bolan hüwdüler diňe bir şu günüň, düýnüň däl-de, eýsem ençeme asyrlaryň, heňňamlaryň, dürli döwürleriň synçylyk nazaryndan geçip, zenan kalbynyň paýhas eleginde elenip, timarlanyp, geçmişiň owazyna ýugrulyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetip, onuň gadyr-gymmaty Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda has-da belentliklere göterildi. Has dogrusy, olar enelerimiziň parahatlyk aýdymyna öwrüldi.

      Hüwdüler ýekelikde aýdylýandygy sebäpli, olar mazmuny taýdan dürli-dürli bolýar. Olar umumy häsiýetdäki hüwdüler, oglanjyklara aýdylýan hüwdüler, gyzjagazlara aýdylýan hüwdüler, çaganyň gyz doganlary tarapyndan aýdylýan hüwdüler ýaly görnüşlere bölünýärler. Hüwdüler çagany güýmemek, söýgülemek, rahatlandyrmak, ýatyrmak maksady bilen aýdylýan hem bolsa, olar eneleriň öz perzentlerine ertirki güni baradaky arzuw-islegleriniň jemidir. Umuman aýdanymyzda, hüwdüleriň döreýiş taryhy durmuş hakykaty bolup, ol zenanlaryň dilinde şahyrana eserlere öwrülip, has-da çeper häsiýete eýe bolupdyr. Eneler öz perzentlerine edep-terbiýe berip bilişleri ýaly, olary gözden-dilden goramagy hem başarypdyrlar. Muňa halk arasynda, türkmeniň gadymy ala ýüpli çaga sallançagynyň ýasalyşy bilen bagly birnäçe däpleriň we ynançlaryň döremegi we olaryň häzirki döwre çenli biziň durmuşymyzda saklanyp gelmegi hem, aýdyň şaýatlyk edýär. Aglap, elde-aýakda durmaýan çagalar sallançaga salnyp üwrelse, olar sähel salymda köşeşip, rahat uka gidýärler. Ene-mamalarymyz sähetli gün sallançagy gurnap, çagany gözden-dilden gorap saklamak üçin oňa işilen alaja ýüp dakypdyrlar. Ýüpüň arasyny ýörite dokalan halyça ýa-da kilim bilen baglap, çaga ýatar ýaly orun, ýagny ýatak ýeri bejeripdirler. Gadym döwürlerde ak öýüň her dulundan bir agaç dikip, sallançak edipdirler. Munuň üçin, ýörite alajalanyp işilen ýüpi iki gatlap agaçlara berkidipdirler. Bäbejigiň düýşürgemezligi üçin onuň başujuna bir döwüm çörek goýlupdyr. Häzirki döwrüň ussalary sallançak ýasanda, onda çaganyň rahat ýatmagy üçin ähli şertleri döredýärler. Çünki rahatlyk bilen yranyp duran sallançakda çaga uzak wagtlap uklaýar. Sallançakda ýatan çaganyň oglanjykdyny ýa-da gyzjagazdygyny oňa asylan oýunjaklardan hem derrew aňmak bolýar. Oglan çagalaryň sallançagyna dürli reňkdäki aşyjaklar asylypdyr. Türkmenlerde «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz» ýaly pähimleri döreden we olaryň mukaddesligine uýýan eneler öz gyz perzentlerini eli çeper, on barmagy hünärli edip ýetişdirmek maksady bilen, olaryň sallançagyna iňňe bilen sapak ýa-da oýmak asar ekenler. Türkmen balasynyň beýnisiniň bekän ýeri bolan ala bagly çaga sallançagy ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan örän mukaddes saýylypdyr. Ýagny, ol il arasynda «çilehana» diýlip hem atlandyrylypdyr. Bu bolsa, öz gezeginde türkmen düşünjesinde sallançagyň halallygyň ojagy bolandygynyň güwäsidir.

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY