Arkadagly Gahryman Serdaryň paýhasyndan,
Myhman gelýär Ýer ýüzniň ýakyn-u-alysyndan.
Pyragynyň toýuna goşulmaga gelýärler,
Biziň joşly döwrümizden joş almaga gelýärler.
Dünýä halkyn dost eýläp, ýakyn etdi yragy,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
Pyragynyň paýhasy siňen şygyr ummany,
Her bendi, her setiri, her jümlesi müň many.
Ili-ýurdy söýmekde ýaşlar üçin görelde,
Onuň öwüt-pentleri bize baky ýörelge.
Nesilleriň ýolunyň ýagty saçýan çyragy,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
Pyragynyň arzuwy — bu gün Watan serbeser,
Beýik şahsyýet hakda döreýär beýik eser —
Arkadagyň göwher deý pähminden dörän jümle,
Ylhamdan paý berdi-de, müňlerçe joşly köňle,
Döredi halk kalbyndan täze ýylyň şygary —
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby.