BEÝIK AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

       Şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

       «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ady dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyryň gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan çuňňur öwrenilýär, Ýer ýüzünde giňden wagyz edilýär. Şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.

       Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň milli mirasyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýan, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda edýän bimöçber tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 48 okalan

BAGTYÝAR ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

21 Fewral 2025 | 79 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 89 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY