GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR

    Garaşsyz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr. Her ýyl 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenligiň beýik nusgasyny görkezen merdana gerçeklerimiz uly hormat bilen ýatlanylyp, ýurdumyzyň ähli şäherdir obalaryndaky baky ot ýadygärliklerine olaryň hatyrasyna gül desseleriniň goýulmagy Ýeňiş gününiň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu çäreler jemgyýetimizi beýik işlere galkyndyrmakda, ýaş nesillerimizi milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny gazanmakda örän uly ähmiýeti bar.

    Ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça gerçekleriň gahrymançylyklary, edermenlikleri, gaýduwsyzlyklary häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda hemişelik galar. Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň şeýle hem mukaddes Watana gulluk etmegiň nusgalyk mekdebi bolup ýaşar.

    Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatynyň ähli etrap şäherlerinde hem 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlarynyň hatyrasyna baýramçylyk çäreleri yzygiderli gurnalýar. Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň gurnamagynda «Mert gerçekler Watan üçin dogulýar» at bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi hem şu beýik senä bagyşlandy. Çärä kümüş saçly enelerimiz, ak sakgally ýaşulularymyz, etrap bilim bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Çärede medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

    Dünýäde baky parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän, ýurdumyzy asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulnur ŞAPOLADOWA,

TMÝG-nyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA