MEÝILLEŞDIRILEN ÇÄRELERE BADALGA BERILDI

Balkan welaýatynda myhmançylykda bolýan wekiliýet şu gün ir säher bilen «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin Gyzylarbat etrabyndaky “Çynar” myhmanhanasyndan Magtymguly etrabynda ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” muzeýine tarap ugrady.

Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen medeni köpçülikleýin çäreler “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň öňünde ýörite taýýarlanan meýdançada işjeň häsiýete eýe boldy. Dabarada Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa giň orun berildi. Soňra çärä gatnaşyjylar akyldar şahyryň muzeýiň öňündäki heýkeline gül çemenlerini goýup, söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler.

Dabaranyň çäklerinde surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan çagalaryň bu ýerde çekip duran suratlary dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.