Şu gün dabara gatnaşýan ýaşlar Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden işleri bilen tanyşdylar.
«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri G.Muhammedow alyp bardy.
Ylmy amaly maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Halk ýazyjysy O.Annaýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Ý.Keriýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri T.Täçmämmedowa, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory A.Babaýewa, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory S.Geldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy L.Aşyrowa, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni G.Gurbanowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby M.Mahtumow dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynyň netijesinde sözüň doly manysynda amala aşandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde sarpasy belentde tutulýan Magtymguly Pyragynyň ruhunyň tirsegine galandygyny, şahyryň dürdäne setirleriniň ykbaly galkynan halkymyzyň kalbynyň töründe müdimilik ornap, durmuş hakykatyna öwrülendigini hem-de kämil ahlak sypatlaryny tutuş döredijiliginiň süňňüne siňdiren akyldar şahyrymyzyň öwüt-ündewleri nesillerimiz üçin mizemez durmuş ýörelgesine öwrülendigini bellediler.
Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar Merkeziniň bilelikde taýýarlan «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň nutuklarynyň beýany ýerleşdirilen kitapça we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.