Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly Pyragy türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna mähek daşy, göreçlerine bolsa öçmejek nur bolup çaýyldy.
Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Ol, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Beýik akyldaryň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şoňa görä-de, bu gün bagtyýar türkmen halky söýgüli şahyryň sarpasyny belentde tutup, berkarar döwletde onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan belläp geçýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baý many-mazmunly çäreleri guraýar. Golaýda etrabymyzyň 24-nji orta mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» ady bilen geçirilen duşuşyk hem şeýle çäreleriň biri boldy. Onda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, oňa goýulýan belent sarpa dogrusynda çykyşlar diňlendi.
Duşuşygyň dowamynda okuwçy ýaşlaryň dana atamyz Magtymguly Pyraga bagyşlap taýynlan aýdym-sazly çykyşlaryny synlamak has-da täsirli boldy. Şirin dilli söz ussadymyzyň şygyrlarynyň labyzly okalmagy bu çäräniň toý ruhuny has belende göterdi.
Duşuşyga gatnaşanlar okamaga, hünär öwrenmäge, ilhalar nesiller bolup ýetişmäge uly şertler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň dik bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Guwanç ALLABERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.