MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ

      Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda etrabyň Medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirilip, oňa Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary we kitaphananyň ýaş okyjylary işjeň gatnaşdylar.

      Medeni ojagyň giň we ýagty zalynda geçen edebiýat agşamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň hormatyna geçirilýän çäreleriň ähmiýeti, şahyryň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi, Pyragynyň şygyrlary labyzly okaldy, onuň goşgularyndan düzülen aýdymlar aýdyldy.

      Magtymguly Pyraga bagyşlanyp ýazylan goşgularyň okalmagy edebiýat agşamynyň täsirliligine oňyn täsirini ýetirdi. Bu çärä gatnaşyjylar edebi-sazly kompaziýany hem gyzgyn garşyladylar. Turuwbaşdan ruhubelentlige beslenen edebiýat agşamyna gatnaşyjylar dana atamyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwrüne ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA