GADYMY AMUL GALASY :GEÇMIŞIŇ SYRLARYNYŇ GORAGÇYSY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenmek we bu işe dünýä alymlaryny çekmek boýunça taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, Lebap welaýatynyň çäginde orta asyr zamanynda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Olaryň käbiri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem Amyderýanyň kenaryny jäheklap oturan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Amul galasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Bu halkara ylmy-maslahatyň esasy maksady dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýadyny döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, halkara giňişligine giňden ýardam ýaýmakdan ybarat.

      Biz hem ýurdumyzyň medeni ösüşlerine bagyşlap, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew we Darganata etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda, Lebap welaýat kitaphanasynda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. Şöhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Melike Rozyýewa, Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri Sumbar Mämetbaýewa we Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa gatnaşdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, ony asyl durkunda gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet edildi. Bagtyýar ýaşlar öz ýürek buýsançlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlar üçin edýän aladalaryna köp sagbolsun aýtdylar.

 

Melike ROZYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI