KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY — MILLI GYMMATLYGYMYZ

      Bagtyýar türkmen halky sanlyja günden Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi şatlyk-şowhun bilen belläp geçer. Bu goşa sene halkymyzyň durmuşynda aýratyn uly ähmiýet eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny,  ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.

      Başymyzyň täji, gözümiziň röwşeni ata Watanymyzda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşanydyr. Agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Täze taryhy eýýamda milli bagtyýarlygymyzyň aýdyň nyşanyna öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň mizemez ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy, hoşniýetli Bitaraplygy, milli jebisligi we demokratiýany özünde jemlemek bilen, ýurduň, halkyň, şol sanda her bir raýatyň geljekki hemmetaraplaýyn ösüşlerini şertlendirýär.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet  köşgünde geçiren umumy sapagyndaky çykyşynda: «Döwletimiziň ýeten derejesi, halkymyzyň geçmişi, şu güni, geljegi, abraý-mertebesi mukaddes tugumyzda jemlenendir. Mukaddes baýdagymyzy goramak – bu Watanymyzyň, milletimiziň mertebesini, abraýyny gözüň göreji deýin goramakdyr. Döwlet baýdagymyzy söýmek Watanymyzy, halkymyzy söýmek, olara guwanmakdyr»  diýip belledi. Bu çuň manyly jümleler Döwlet Baýdagymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterdi.

      Bu gün goşa mukaddesligimiziň şanyna uludan toýlaryň tutulmagy watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr. Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň şanyna tutuljak toýlara biz — bagtyýar ýaşlar egsilmez şatlyk we hyjuw bilen gatnaşarys. Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Annamuhammet GULOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA