«KIM ÇALASYN!» BÄSLEŞIGI

      Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň  «Akja kepderi» atly 4-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda çagalar baglarynyň uly ýaş toparlaryndaky körpeleriň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Kim çalasyn!»  atly sport bäsleşigi geçirildi.

      Ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler hereketli oýunlaryň halta girip, bellenen aralyga ylgamak, toply we halkaly degişli päsgelçiliklerden geçmek ýaly görnüşleri boýunça başarnygyny görkezdiler.   etrapdaky çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşdylar. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde etrabyň «Garlawaç» atly  8-nji çagalar bagynyň körpeleri birinji, «Çemen» atly 12-nji çagalar bagynyň topary ikinji, «Güneş» atly 5-nji çagalar bagynyň körpeleri üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan körpejelere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Rejepnur ATAÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden

 etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA