BILIMLI ÝAŞLAR — WATAN GELJEGI

     Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebinde umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşykda ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar boldy. Duşuşygyň dowamynda göreldeli okuwçy ýaşlaryň bilim ojaklarynda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerine işjeňligi bilen bagly gürrüňe hem üns çekildi.

     Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda nusgalyk ýol-ýörelge bolýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden

etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA