ÝAŞYL BAÝDAGYM — BUÝSANJYM, KONSTITUSIÝAMYZ—BAGTYMYZ

    Ýakynda şeýle at bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabara geçirildi.

     Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenilýändigini, bu şanly seneleriň bagtyýar halkymyzy has-da jebisleşdirip, watançylyk duýgusyny artdyrýandygyny, döredijilik ylhamyny joşdurýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

     Dabarada şanly sene mynasybetli ýürek joşduryjy sözler aýdylyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi uludan toýlamaga giň mümkinçilikleri döreden hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

     Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlardyr ýerine ýetirilen tanslar hemmeleriň kalbyny heýjana getirdi. Bu sungat çykyşlary ösüş-özgertmelere beslenen döwrümiziň, berkarar Watanymyzyň, döwlet nyşanlaryna goýulýan belent sarpanyň, il agzybirliginiň joşgunly waspyna öwrüldi.

 

                                                                                               Begli MÄMMEDOW,

 TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA