YŞYKLARYŇ DÜZGÜNI

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 14-nji çagalar bagynda körpeleriň gatnaşmagynda «Yşyklaryň düzgüni» ady bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly çäre geçirildi.

      Ýaş nesliň ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly düşünjesini ösdürmek maksady bilen geçirilen çäräniň barşynda ýörite şertli belgiler bilen bezelen meýdançada körpelere ýoldan geçmegiň düzgünleri barada täsirli gürrüň berildi. Köçe-ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary hakdaky aýdylanlar körpelerde uly gyzyklanma döretdi.

      Çäräniň dowamynda körpeler köçe-ýol hereketi boýunça taýýarlan sahnalary ýerine ýetirdiler, aýdymlary aýtdylar, ýol belgileriniň aňladýan manylaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Bu bolsa çäräniň many-mazmunyny artdyrdy.

 

Bezirgen BAÝRAMOW,

TMÝG-­niň Ahal welaýatynyň Bäherden

 etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA