Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz beýik ösüşlere, mähriban halkymyzyň durmuşy bolsa toý-baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändiginiň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Baýramlara baý bolan täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyz ýene-de bir şanly toýy toýlaýar. Munuň özi ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän, şanly seneleriň senenamasynda mynasyp orun alan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Bu baýram Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi dabaralandyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy, wepalylygymyzy, milli jebisligimizi hem-de mizemez agzybirligimizi dabaralandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralary ýurdumyzyň çar künjünde giň gerimlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň utgaşykly baýram edilmeginde çuňňur many-mazmuny bar. Sebäbi mukaddes ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň özbaşdaklygynyň, döwletli-derejelidiginiň baş nyşanlarynyň biridir. Berkararlyk babatdaky arzuwlarymyz bolsa Baş Kanunymyzda özüniň mynasyp beýanyny tapýar.
Gözel hem ajaýyp tebigatymyzyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren Döwlet baýdagymyz milli jebisligimizi, agzybirligimizi hem-de ata Watanymyza bolan wepalylygymyzy, söýgimizi alamatlandyrýan mukaddesliklerimiziň biridir. Berkarar Diýarymyz bolsa şunuň ýaly mukaddeslikleri özünde jemleýän nurana Baýdagymyzy dünýäniň çar künjünde belentden parladyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aýdyň maksatlary öňde goýup, okgunly öňe barýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler döwletimiziň tutuş dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermek bilen, Döwlet baýdagymyzyň dünýäniň çar künjünde belentde parlamagyny üpjün edýär. Al-asmanda erkana pasyrdaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gözel keşbine seredip, ruhuň has-da göterilýär. Türkmen döwletiniň ýaşyl Tugunda halkymyzyň belent ykbaly, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy jemlenen. Ulus-ilimiziň guwanjy bolan ýaşyl Baýdagymyz her birimiziň kalbymyza nur çaýyp, hormatly Prezidentimiz bilen halkymyzyň mäkäm jebisligini, birek-birege berk ynamyny, hormatyny äleme jar edýän, bütin dünýä halklaryny agzybirlige, bitewilige çagyrýan döwletli döwranyň nyşanydyr.
Bagt Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy hukuk esaslaryny berkidýän Esasy Kanundyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň raýatlarynyň azatlyklarynyň, hukuklarynyň goralmagyny, zähmet çekmegini, okamagyny we dynç almagyny üpjün etmekde mizemez hukuk binýady bolup durýar. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy baradaky hukuk kadasy hem Konstitusiýamyzda berkidilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere beslenýän berkarar Diýarymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen Esasy Kanunymyz hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Netijede bolsa, baş Kanunymyz hukuk döwleti hökmünde mundan beýläk-de hereket etmegiň, döwrümiziň syýasy, durmuş-ykdysady meseleleriň oňyn çözgüdiniň tassyknamasyna öwrüldi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asudalyk, erkinlik, agzybirlik, berkarar döwlet barada şahyrana beýan eden pikirleri bu günki gün Baş Kanunymyzda we belentde parlaýan Döwlet Tugumyzda öz beýanyny tapdy. Şunuň ýaly mukaddeslikleri özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uludan toýlamaga uly mümkinçilikleri döreden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, ata Watanymyzda toýlarymyz toýlara ulaşsyn!
Aýnatäç NEDIROWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.