SANLY ULGAMYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI

    «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar.

    Ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

    Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýat üçin elýeter edildi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak üçin öz öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini goýdy. Şol bir wagtyň özünde bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar.

    Ýurdumyzda ýokary tizlikli internet aragatnaşygynyň ösdürilmegi, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň şol sanda ylym-bilim ulgamynyň hem işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem kabul edip, onuň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Konsepsiýany üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem halypa professor-mugallymalar, hünärmenler, ylmy işgärler we talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanylýar.

    Institutymyzda talyp ýaşlaryň sanly tehnologiýalar esasynda bilimlerini berkitmekleri, internet arkaly özleriniň gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça maglumatlary, ylym we bilim ulgamynda dünýä täzelikleri bilen içgin tanyşmaklary üçin ýörite bilim portaly işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda hereket edýär.

    Sanly bilim portalynda dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, dersler boýunça taýýarlan okuw maglumatlar, amaly we umumy okuw ýazgylary, okuw sapaklarynyň guralyşynyň wideo ýazgylary, interaktiw-multimediýa programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary ýerleşdirildi. Mundan başga-da, kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Kitaphana dolandyryş ulgamy» atly programma döredildi we ulgama ornaşdyryldy.

    Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda sanly bilim ulgamy ösüşleriň belent derejesine ýetdi. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegi, milli bilim ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

    Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Leýla ÝOLAMANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby,

TMÝG-niñ işjeñ agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY