Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky taryhy ösüşiň häzirki tapgyrynda geçmişiň we häzirki döwrüň üýtgewsiz baglanyşygyna daýanmak bilen, röwşen geljege tarap öz ýoluny saýlap aldy, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň bähbidine oňyn başlangyçlary ynamly öňe sürýär hem-de durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň mizemez agzybirliginiň, bitewüliginiň, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna wepalylygyň, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň daýanjydyr. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dürli baýramçylyk çäreleri, dabaralardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Goşa mukaddesligiň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary bilen Kerki etrap häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda «Baýdagymyz başymyzyň täjidir» atly dabaraly maslahaty geçirdik. Bu maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa, Lebap welaýatynyň Kerki etrap häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Annagül Mustafaýewa hem-de talyp Jemal Jumanazarowa, TAP-nyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni Sonagül Allaberenowa çykyş edip, milli mukaddesliklerimiziň türkmen jemgyýetini ösdürmekdäki ornuny we ähmiýetini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen halkymyzyň gün-günden beýgelýän durmuşyna bagyşlanan buýsançly çykyşlar maslahata gatnaşyjylaryň bagtyýar döwrümize bolan guwanjyny has-da artdyrdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde etrabyň 3-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýaşyl tugum parlaýar, türkmen ilim bagtyýar» atly wagtlaýyn sergi hem gurnadylar. Serginiň dowamynda bagtyýar ýaşlar halkymyzyň bagtyýarlygyny, döwlet berkararlygyny wasp edip ýazan döredijilik işleri bilen çykyş etdiler.
Atajan JORAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.