ETRABYŇ SPORT BIRINJILIGI GEÇIRILDI

     Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň sport mekdebinde etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýetginjek oglanlaryň arasynda grek-rim göreşi we boks boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

     Ýetginjek ýaşlaryň sport ussatlygyny ýüze çykarmak we höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa sport mekdebinde tälim alýan ýaş türgenler hem-de orta mekdepleriň okuwçylary işjeň gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça başarnygyny görkezdiler. Ýaryşyň netijesinde grek-rim göreşi boýunça 21 kilogram agramda Oraz Ýomudow, 23 kilogram agramda Ahmet Babaýew, 25 kilogram agramda Kerwen Çaryýarow, 27 kilogram agramda Döwlet Nuryýew, 29 kilogram agramda Hezret Ataýew, 31 kilogram agramda Hekim Suhanlyýew, 33 kilogram agramda Selim Muhammedow, 35 kilogram agramda Kerem Gowşakow, 37 kilogram agramda Rahym Babadurdyýew, 39 kilogram agramda Mälik Baýramberdiýew birinji orny eýelediler.

     Boks boýunça 25 kilogram agramda Aýhan Amanseýidow, 27 kilogram agramda Batyr Hamedow, 29 kilogram agramda Bagtyýar Nurmuhammedow, 31 kilogram agramda Öwez Orazow, 33 kilogram agramda Akmyrat Meretgeldiýew, 35 kilogram agramda Emirguly Saparow, 37 kilogram agramda Süleýman Nurberdiýew, 39 kilogram agramda Gurbanmyrat Rejepow, 41 kilogram agramda  Pälwan Annaýew, 43 kilogram agramda Selim Annageldiýew ýeňiji boldy.

     Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Mamagözel BOZZYÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 36 okalan

BAGTYÝAR ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

21 Fewral 2025 | 76 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 82 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY