MILLI GYMMATLYKLARYMYZ ŞÖHRATLANÝAR

     Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we Hytaý Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň gatnaşmaklarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forumyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp, «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum – hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň çäginde işleýän dürli ýaşdaky zähmetkeşler bilen birlikde ýaşlar köpçüligi hem işjeň gatnaşdylar.

     Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli halyçylygyň döwrebap nusgalaryny taýýarlamakda, mirasymyzy, milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda ýaşlar uly işleri durmuşa geçirýärler. Muny çäräniň dowamynda beýan edilen buýsançly söhbetlerde has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

     Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň dürli görnüşleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň guralmagy oňa gatnaşyjylarda has-da uly täsirleri galdyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2024 | 3 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 2 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI