GADYMY HEM MÜDIMI TÜRKMEN TARYHY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli TMÝG-nyň Lebap welaýaty hem-de Kerki etrap bilim bölümi bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda yglan eden «Gadymy hem müdimi türkmen taryhy» atly bäsleşigiň jemini jemledik. Oňa etrabyň orta mekdepleriniň 8-9-10-njy synp okuwçylary ýokary işjeňlik bilen gatnaşdylar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet  syýasatynyň  2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan» ugur alyp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşikde okuwçylar türkmen halkynyň baý gadymy taryhyny öwrenmek boýunça alan döwrebap bilim derejelerini subut etdiler. Olar berlen şertler boýunça türkmen halkynyň taryhyny, şöhratly geçmişini, ýurdumyzyň çägindäki gadymy we medeni ojaklary, taryhy ýadygärlikleri öz döredijilik işlerinde beýan etdiler. 

     Emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edilip, degişlilikde baýrakly orunlar kesgitlenildi. Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Oýdin AŞIROWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň 

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR