Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň aňynda ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek, olaryň Watana wepaly, edepli, ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler türkmen ýaşlaryny bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, milli edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen baglanyşykly gymmatly öwüt-ündewlerini berdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, döredijilik we ylmy kuwwatyny amala aşyrmagy, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.