Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesi ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň özeni hökmünde öňe sürülýär. Şunuň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy bu günki günde sagdynlygyň, ruhubelentligiň we belent ruhuň ilçisi bolan sportuň ýurdy hökmünde giň meşhurlyga eýedigi aýdyň hakykat.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň netijesinde merdana halkymyzyň ruhy we beden taýdan saglygynyň sazlaşykly ösmegine itergi berýän möhüm serişdesi bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, halal zähmet çekmekleri, medeniýetli dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.
Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň durmuşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýar. Şoňa görä-de, merdana halkymyzyň saglygyny goramaga, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen ata Watanymyzyň baş syýasaty bu günki gün öz miwesini berýär
Soňky ýyllarda sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ýaşlary sebit we dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda yzygiderli çykyş edip, ýurdumyzyň tuguny belentde parladýarlar. Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy, yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä arenasynda abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam berýär.
Ýurdumyzyň sport ulgamyny ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak, galyberse-de bedenterbiýe we sport ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzyň şan-şöhratyny sport äleminde arşa galdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan belent işlerinde hormatly Belent Serkerdebaşymyza güýç-gaýrat we rowaçlyklary arzuw edýäris!
Eziz ŞIHIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
institutynyň uly mugallymy, polisiýanyň kapitany.