«ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI»

       Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegi we çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, ata-babalarymyzyň pähim-parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmegi döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerine öwürdi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserdi geçirildi. Şeýle-de çagalar üçin geçirilen konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden we multifilimlerinden sazlar, sorag-jogaplar boldy. Soraglara jogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar